EDEP - ALTYNDAN GYMMAT


EDEP - ALTYNDAN GYMMAT



Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Paýtagtymyzda ýerleşýän № 76 mekdepde bolup, “Edep – altyndan gymmat” atly öwüt-nesihat häsiýetli çäre geçirdi.

Bu çäre esasan hem ýetginjek ýaşdaky gyzlara bagyşlandy. Türkmen gyzy diýlende sypaýy, näzik, mähir dünýäsiniň eýesi göz-öňünde gelýär. Olar ýazyjy-şahyrlarymyzyñ döredijiliginde-de öz mynasyp orunlaryny tapypdyrlar. Yşk mülkiniñ şasy Mollanepesiň döredijilignde „Seniň kimin gözel bolmaz jahanda“ diýip taryp edýän gyzlarymyz halkmyzyň arzuw-umutlarydyr, ýüzleriniñ tuwagydyr. Olara ar-namyslylyk, haýalylyk, edep-ekramlylyk, düşünjelilik, asyllylyk, çeperçilik ýaly oňat häsiýetler ýaraşýar. Ýaşaýşyň edep kerwenini çeken garry enelerden we mamalardan miras galan gowy gylyk-häsiýetleri ýaş gyzlarymyzyň özlerine endik edinip, geljek nesillerе-de görelde boljakdyklaryna ynamymyz ulуdyr. Gyzlaryň öz ejeleriniň el işlerine bolan ezberligi, yhlasyny ýörelge edinýändigini „Ýagşy ene ýagşy gyza görelde“ diýen nakyl hem tassyklaýar. Gülden näzik göwnüň hiç wagt ynjamazlygy üçin gyzjagazlaryň geljekgi durmuşynyň aladasy olaryň çagalygyndan başlanýar. Öý-içeriniň arassaçylygy, bezegi gyz maşgalanyň iň bir belent borjydyr. Milli matalardan dikilen egin-eşikler bolsa gyz-gelinleriň kalbyny täsin bir mukaddes duýgy bilen doldуrýar. Onuň her bir hereketi, her bir aýdan sözi hemmeleriň ünsünde bolýar. Şonuń üçin ene-mamalarymyz gyzlara edep berende olara gürleşenlerinde, hat-da şatlanyp gülenlerinde sesleriniň iki ädimden uzaga eşidilmezligini ündäpdirler. Türkmen gelin-gyzlarymyzyň edim-gylymyna, edep-terbiýesine kybapdaş gelýän olaryň boý-syratyny bezeýän egin-eşigi, şaý-sepleri öz boluşlylygy bilen tapawutlanyp, dünýä halklarynyň arasynda öz milliligimize buýsandyrýar.

Gadymy milliligimize uly hormat goýup, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe zenan mertebesini belende göterýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!