“Kitap-belentlige göterýän basgançak”


“Kitap-belentlige göterýän basgançak”



Aşgabat şäher medeniýet müdürliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasy “Kitap-belentlige göterýän basgançak” at bilen kitaphana gezelenç gurnaldy.

Gezelenje gelen kiçi ýaşly okyjylary kitaphana bilen tanyşdyrylyp onda gurnalan “Halkyň Arkadagly zamanasy”, “Ýurdumyz Bitarap, parahat mekan, türkmen ili barýar toýlara bakan” , “Türkmen halk ertekilerini okaň” atly kitap sergileri bilen tanyşdyryldy şeýlede sergide ýerleşdirilen kitaplaryň ähmiýeti, many-mazmuny barada giňişleýin gürrüň berildi. Mundan başgada “Türkmen halk ertekilerini okaň” atly gurnalan sergide ýerleşdirilen kitaplar barada has-da aýratyn durulup geçildi hem-de ol ertekileriň dürli-dürli aýratynlyklarynyň bardygyny bellemek bilen okalan ertekileriň gahrymanlary olaryň biri-birinden aýratyn häsiýetleri barada okyjylar bilen sorag-jogap alyşyldy.

Gezelenjiň dowamynda kitap durmyşy, ýaşaýyşy gözelleşdirýär we kitap iň gowy dost hasaplanylýar, kitap bilen dostlaşan çaga özüne aýratyn bir dünýäni açýar. Şol dünýä hem onuň öz-özüne akyl ýetirmegine ýardam berýändigi barada gürrüň berdiler.

Gezelenjiň ahyrynda bagtyýar çagalaryň röwşen geljegi üçin uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri aýtdylar.