“Milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy”


“Milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy”



Aşgabat şäher medenýet müdirliginiň Merkezleşdirlen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli “Milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hemmetaraplaýyn ösýän ata Watanymyzda milli ykdysadyýetimiziň esasy bölegi bolan nebitgaz pudagynyň hem Garaşsyzlyk ýyllary içinde türkmen nebitçileriniň, gazçylarynyň we geologlarynyň gujur–gaýraty ýadawsyz zähmeti netijesinde täze tehnologiýalary peýdalanmak we ylmyň soňky gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak bilen , uglewodorod serişdeleriniň çig mal ýataklaryny gözlemek, guýulary çüň burawlamak we özleşdirmek, dünýä ülňülerine laýyk gelýän täze önümleri öndürmek, bu işlerde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak we giňeltmek boýunça-da uly işleriň amala aşyrylýandyny bellediler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda halkymyzy eşretli, bolelin, asuda, parahat durmuşda ýaşamaga döreden mümkinçilikleri üçin milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde edýän aladalary üçin hormatly Prezidentimize alkyşlar aýdyldy.