“Edebiýatymyzda orun alan şahyr”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasy Türkmenistanyň halk ýazyjysy Ata Atajanowyň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli “Edebiýatymyzda orun alan şahyr” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi we kitap sergisi gurnaldy.
Çärede türkmen halkynyň söýüp okaýan şahyrlarynyň biri Türkmenistanyň halk ýazyjysy Ata Atajanowyň, manyly ömrüni milli edebiýatymyzy ösdürmäge bagyşlan, halkymyzyň ruhy-ahlak gymmatlyklary barada söhbet açýan birnäçe eserleriniň terbiýeçilik ähmiýeti barada giňişleýin çykyş etdiler. Çäräniň dowamynda hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasly tagallalary bilen barha joş alýan döwrümizde şahyryň ölmez-ýitmez eserleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe-de hyzmat edýändigini ýazyjynyň eserleri ilhalar nesli terbiýeläp ýetişdirmekde gymmatly gollanma bolup durýandygy barada gişişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Ata Atajanowyň ömri we döredijiligine bagyşlanyp halypa ýazyjynyň dürli ýyllarda neşir edilen kitaplaryndan kitap sergi gurnaldy. Mekdep okuwçylary Ata Atajanowyň goşgularyny ýatdan aýdyp berdiler we şahyryň ýazan eserleri barada sorag-jogap alyşdylar.
Çäräniň ahyrynda halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin uly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.