“Bagtly zamananyň bagtly halky”


“Bagtly zamananyň bagtly halky”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda “Bagtly zamananyň bagtly halky” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen gysga döwrüň içinde Watanymyz uly ösüşlere özgerişlere eýe bolýandygy barada bellediler. Watanymyzyň parahatçylygyň abadançylygyň saklanmagyna aýdyň ýol bilen ösýändigi, şeýle-de ýaş nesilleriň terbiýesi, olaryň ylymly-bilimli bolmagy, diýarymyzda sagdyn ruhly, päk ahlakly, berk bedenli, Watan söýüji ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde uly işleriň alnyp barylýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.