“Daşymyzyň galasy – Watan goragçylary”


“Daşymyzyň galasy – Watan goragçylary”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň kitaphana şahamçasy bilen 107-nji orta mekdebiniň bilelikde gurnamagynda “Daşymyzyň galasy -Watan goragçylary” ady bilen kitap sergi gurnaldy we gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde Watana söýgi, mukaddes borç ata-babalarymyzdan miras galan belent mertebe bolup durýandygy hem-de eziz Watanymyzyň topragy, dagy-düzi, deňzidir, derýasy aýratyn mana eýe bolup başymyzyň täjine deňelýändigi şeýle-de her ýylda bellenilýän Watan goragçylarynyň güni döwletimiziň Garaşsyzlygyny, bagtyýarlygyny, çäk bitewiligini gorap saklaýan ýaragly güýçlerimiziň merdana gerçeklerine bildirilýän uly ynamyň, çäksiz hormatyň eýeleridigi, Watanymyzyň parahatçylykly ýaşaýyşda barha pajarlap ösýändigi barada giňişleýin çykyş etdiler.

Çäräniň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň “Mertler Watany beýgeldýär” atly kitabyndan “Maslahat jaý ýerinde söweş bolmaz” atly bölüminden şöhratly taryhymyzdan şu günki-güne çenli ýaşap geçen beýik şahsyýetler barada täsirli gürrüň berdiler. Watan goragçylarynyň gününe bagyşlanyp gurnalan “Daşymyzyň galasy – Watan goragçylary ”ady bilen kitap sergisi çärä gatnaşýanlarda uly täsir galdyrdy.

Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, il ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.