“Berkarar döwletiň bagtly ýaşlary” ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň ilkinji zenanlar guramasy bilen bilelikde geçirmeginde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna bagyşlanyp “Berkarar döwletiň bagtly ýaşlary” ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi.
Şu günki baýramçylyk dabarasynda çykyş edenler şu ýylymyzyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly'' diýilip atlandyrmagynda örän uly çuň many barlygyny nygtamak bilen, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň gurmak we döretmek hakynda aýdýan dürdäne sözlerinden ugur alýan biziň şu günki ýaş nesillerimiziň ylymda-bilimde,hünär saýlamakda, özlerinde iň gowy häsiýetleri jemläp Watansöýüji, ruhy belent, bagtyýar nesillerdigini öz söhbetlerinde giňişleýin gürrüň etdiler.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biziň şu günki bagtyýar ýaşlarymyz geljekde ýurdumyzyň ähli pudaklaryny ösdürjek adamlar bolup ýetişjekdiklerini belläp geçdiler.