“Magtymgulynyň döredijiligi ruhy- dünýämiziň hazynasy”


“Magtymgulynyň döredijiligi ruhy- dünýämiziň hazynasy”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň bilelikde gurnamagynda “Magtymgulynyň döredijiligi ruhy - dünýämiziň hazynasy”ady bilen göçme sergisi gurnaldy we wagyz-nesihat çäre geçirildi.

Çärede Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymgulynyň Pyragynyň eserleri durmuşyň dürli taraplaryny öz içine alýandygy, Magtymguly Pyragy türkmeniň nusgawy edebiýatyny dünýä edebiýatyna tanadan akyldar şahyr bolup, onuň şygyrlary döwürdeş we özünden soňky şahyrlaryň döredijiligine uly täsir edendigi, bu täsir ylaýta-da, Zeliliniň, Seýdiniň, Keminäniň, Mollanepesiň, Mätäjiniň döredijiliginde has aýdyň görünýär. Magtymguly Pyragy mertligi, batyrlygy, watançylygy wasp edýän şahyr hökmünde kalplarda orun alýandygy, munuň özi akyldar şahyrymyzyň türkmen halkynyň öňünde bitiren hyzmatynyň uludygyny görkezýär, beýik Pyragynyň terbiýeçilik aheňinde ýazylan goşgulary, ýaş-nesilleri terbiýelemekde ruhy hazynadygy barada gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda bize nusgawy ýazyjy şahyrlarymyzyň döredijiligini, goşgularyny çuňňur öwrenmäge, olary sergilerimiziň üsti bilen ýaşlara ýetirmäge, şol eserleri bilen milliligimizi, medeniýetimizi, taryhymyzy giňişleýin beýan etmäge ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, il ýurt bähbitli tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaç bolmagyny arzuw etdiler.