“Maslahatly il myrada ýeter”


“Maslahatly il myrada ýeter”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň Jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki geçirilen mejlisi mynasybetli “Maslahatly il myrada ýeter” atly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylymyzyň her bir gününiň toýdur baýramlara, taryhy wakalara beslenýändigini belläp, ýaňy ýakynda ýurdumyzda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň Jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisiniň geçirilmegi, şeýle-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi we onuň başlygy wezipesine Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Başlyklyk etmegi hem-de Gahryman Arkadagymyza Kanun esasynda “Türkmen halkynyň Milli Lideri ” diýen hormatly adyň dakylandygy barada öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.

Şeýle-de söhbetdeşligiň dowamynda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip atlandyrylan bu ýylymyzda eziz Watanymyzyň ösüşleridir, özgertmeleri we onuň millilik bilen utgaşyp amala aşyrylýandygy dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini aýtdylar.