“Zenan mertebesi-maşgala mukaddesligi”


“Zenan mertebesi-maşgala mukaddesligi”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda “Zenan mertebesi-maşgala mukaddesligi” ady bilen kitap sergi gurnaldy we gürrüňdeşlik geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe zenan sarpasy jemgyýetimizi pugtalandyrýan egsilmez güýçdir. Ýurdumyzda zenanlara hormat goýmak, ene – mamalamyza mukaddeslik derejesinde garamak adata öwrüldi.

Gürrüňdeşlikde Gender deňliginiň jynsyna garamazdan adamlary ösüşlere, deňlige, sagdyn ýaşaýşa, düşünjeli, ylymly, bilimli bolup öz hak-hukuklaryny gazanmaga çagyrýan düşünjäni berýändigini, mähriban enelerimize, gelin-gyzlarymyza sarpa goýmak olaryň mertebesini belent tutmak müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan ýörelgelerimiziň biridigi hem-de Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda köp çagaly enelerimize aýratyn ýeňillikleriň döredilip, uly sarpa goýulýanlygy barada gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda ýurdumyzyň zenanlary barada aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

Dabara gatnaşan myhmanlar Arkadagly Serdarymyza alkyşlaryny, hoşallyk sözlerini beýan etdiler.