“Berkarar döwletiň täze eýýamy, Arzuwlan zamanaň geldi Pyragy!'’ atly söhbetdeşlik
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Berkarar döwletiň täze eýýamy, Arzuwlan zamanaň geldi Pyragy” ady bilen türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.
Bu edebi söhbetdeşlige gatnaşyjylar akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi, onuň diňe bir türkmen halkynyň akyldar şahyry bolmak bilen çäklenman, eýsem umumadamzat şahyrydygyny, Magtymguly atamyzyň öwüt-nesihat, watansöýüjilik, ar-namys, yşk-söýgi, gaýratlylyk ýaly nakyla öwrülip giden gymmatly setirleri, ajaýyp goşgulary hakynda giňişleýin söhbet etdiler. Çykyş edenler öz çykyşlarynda şu günler ähli ýerlerde türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlap dürli çäreleriň, edebiýat agşamlaryň, döredijilik duşuşyklaryň geçirilýändigini bellediler.
Söhbetdeşligiň çäklerinde kitaphananyň gaznasyndan “Eziz Watan – Arkadagly Serdarly, Berkarar döwletiň geldi Pyragy!” atly giňişleýin sergi gurnaldy.