Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabyndan
Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabyndan Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabyndan gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşligiň başynda Türkmenistanyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynda halkymyzyň şöhratly geçmişinden, milletimiziň döwletlilik ýörelgelerinden, dost-doganlyk, agzybirlik, myhmansöýerlik, ynsaplylyk ýaly ýagşydan-ýagşy edim-gylymlary egsilmez hazynadygyny gürrüň berdiler. Gürrüňdeşligiň dowamynda tutuş süňňi lebzihalallyga, ygrarlylyga ýugrulan bu kitap durmuş kynçylyklaryndan nädip baş alyp çykmalydygyny öwredýär, öwüt-nesihat berip, dogry ýola salýar we geçmiş taryhymyzda ata-babalarymyz bir ýere jemlenişip kitap okamaklygy, bilimden ýüki ýetik sowatly, dana kişileriň manyly gürrüňlerini diňlemekligi gowy görüpdirler we bu bolsa olarda köp bilmäge, öwrenmäge ymtylyş döredipdir diýip gürrüň berdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň beýany, manysy bilen dür saçýandygyny bellediler.
“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” biziň bagtdan paýly nesillerimiziň ylymly-bilimli adamlar bolup ýetişmekleri üçin dünýä ülňülerine gabat gelýän şertler döredilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz zehininden kemal tapýan ajaýyp kitaplar bolsa biziň durmuşymyzyň akabasy, ýol görkeziji şamçyragydyr. Goý, şol paýhasdan gory ýetik ýol dowamat-dowam bolsun!
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun.