“Nusgalyk ýol ýörelge – ýaşlarymyza görelde”


“Nusgalyk ýol ýörelge – ýaşlarymyza görelde”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda “Nusgalyk ýol ýörelge – ýaşlarymyza görelde” ady bilen kitap sergi gurnaldy we gürrüňdeşlik geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” taryhy wakalara beslenip, ýaşlaryň ruhubelent bolmaklaryna, zehinleriniň, ukyp-başarnyklarynyň durmuşa geçirilmegine giň mümkinçilikler döredilýär.

Gürrüňdeşligiň dowamynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan her bir syýasaty häzirki döwürde ýaşlarymyza nusgalyk görelde bolup durýanlygy şol nukdaýnazardan ugur alyp ýurdumyzda ýaşlarymyzyň ýokary derejede döwrebap bilim we terbiýe almaklary, sagdyn, ruhubelent giň dünýägaraýyşly, saýlap alan hünäriniň eýesi bolup mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginde öz mynasyp goşantlaryny goşjak ýaşlar bolup ýetişmekleri barada giňişleýin gürrüň edildi.

Çäräniň ahyrynda ýaşlaryň ylym-bilim öwrenmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.