“Türkmenistan – bagtyýar ýaşlaryň mekany”


“Türkmenistan – bagtyýar ýaşlaryň mekany”



Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäherindäki 44-nji orta mekdebinde “Türkmenistan – bagtyýar ýaşlaryň mekany” – atly “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylyna bagyşlap söhbetdeşlik geçirdi.

Bagtyýar zamanada amala aşyrylýan ajaýyp işler watanymyzyň mundan beýläkde gülläp ösmegini, halkymyzyň has-da eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Ýaşlary hakyky watançylyk, ynsanperwerlik we ýokary ahlaklylyk, watana we şöhratly taryhymyza, halkymyzyň medeniýetine, däp-dessurlaryna we maşgala gymmatlyklaryna hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, ylym-bilime höwesini artdyrmak hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň durmuşa geçirýän ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýar. Şu maksat bilen, ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, zehinini ösdürmegi, hünär taýdan kämilleşmegi, giň dünýägaraýyşly, eziz watanymyza wepaly şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler döredilýär.

Bu söhbetdeşlikde okuwçylar öz gezeginde mähriban Watanymyzy wasp edýän goşgulary sesli okaýyş bilen çykyş etdiler. Mundan başgada alyp baryjy Mähriban Arkadagymyzyň “Paýhas çeşmesi” – atly kitabyndan dürdäne setirlerini okap berdi.

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun. Il-ýurt bähbitli tutumly işleri elmydama rowaç alsyn.