“Ýaşlar Watanymyzyň daýanjy”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda “Ýaşlar Watanymyzyň daýanjy” ady bilen kitap sergisi gurnaldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler ýaş nesilleriň arzuw umytlaryny uly üstünliklere besleýän Arkadagly Serdarymyzyň ýaşlaryň aýdyň geljegi ugrunda durmuşa geçirýän beýik işleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda olaryň jemgyýetçilik – syýasy işjeňligini has-da ýokarlandyrýanlygy, ylymda-bilimde, hünär saýlamakda, özleriniň iň gowy häsiýetlerini jemläp Watansöýüji, ruhubelent, bagtyýar nesillerdigini buýsanç bilen bellediler.
Şeýle-de ýaşlarymyza Watanymyzyň beýik geljeginiň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine has-da yhlasly okap, öwrenip, döredip we bildirilýän ynama mynasyp bolmak türkmen ýaşlarynyň baş maksady bolmalydygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlara bildirýän ynamyny ödäp, Watanymyzy ösdürmek ugrunda öz başarnyklaryny görkezmelidigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň dowamynda 107-nji orta mekdebiň höwesjeň okuwçylarynyň ýerine ýetiren goşgulary çärä gatnaşýanlara ruhy lezzet paýlady. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylyna bagyşlanyp gurnalan “Ýaşlar Watanymyzyň daýanjy” ady bilen kitap sergisi çärä gatnaşýanlarda uly täsir galdyrdy.
Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, il ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.