“Türkmen milli oýunlarynyň çaga terbiýesindäki ähmiýeti”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly kitaphana şahamçasy, Aşgabat şäheriniň Sport we ýaşlar syýasaty, Baş müdirliginiň ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebi bilen bilelikde gurnamagynda “Türkmen milli oýunlarynyň çaga terbiýesindäki ähmiýeti” atly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip atlandyrylan bu ýylymyzyň ilkinji aýlaryndan başlap eziz Watanymyz uly ösüşlere taryhy wakalara beslenýändigini, şeýle-de ýaşlara berilýän edep-terbiýede türkmen milli oýunlarynyň aýratyn ornunyň bardygyny, türkmen milli oýunlarynyň birnäçe görnüşleri, olaryň gelip çykyş taryhy, çaga terbiýesindäki ähmiýeti, şeýle-de türkmen edebiýatymyzda oýunlaryň many-mazmuny, dogrusynda giňişleýin söhbet etdiler.
Söhbetdeşligiň dowamynda “Ogar-ogar”, “Bäş daş”, “Ýüzük bukdy”, “Telpek goýdy”, “Ýalyga towusdy” ýaly türkmen milli oýunlary, olaryň oýnalyş düzgünleri barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda milli gymmatlyklarymyzy gaýdyp beren, öwrenmäge, döretmäge, dünýä ýaýmaga, onuň gadyr-gymmatyny ýitirmän ýaş nesillerimize ýetirmäge döredip beren mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.