“Biz ertekilerde myhmançylykda”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda “Biz ertekilerde myhmançylykda” ady bilen gezelenç geçirildi.
Çärede kitaphana işgärleri kitaphana gelen kiçi ýaşly okyjylary, kitaphana hazynasy bilen, onuň bölümleri bilen içgin tanyşdyryp hem-de türkmen halk ertekileriniň terbiýeçilik ähmiýeti hakynda, türkmen halk ertekileri ynsanyň asylly sypatlaryny çeper wasp edýändigini, olary dogry ýola salýan, terbiýeleýän edepnamadygyny, olarda adamzadyň dost-doganlyk, agzybirlik, ruhubelentlik, halallyk, dogruçyllyk baradaky garaýyşlary, köňül arzuwlary jemlenendigini, ertekilerdäki gahrymanlaryň gaýduwsyz, mert, zähmetsöýer, watana wepalylyk ýaly türkmene mahsus asylly sypatlaryň jemlenendigini barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda okamaga, döretmäge, zähmet çekmäge ähli şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza, alkyş sözlerini aýtdylar.