“Akyldar şahyryň paýhas – ummany”


“Akyldar şahyryň paýhas – ummany”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasy Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli “Akyldar şahyryň paýhas – ummany” ady bilen çeper okaýyş geçirildi.

Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmekde we dünýä ýaýmakda alnyp barylýan işler hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen uly rowaçlyklara beslenýändigini aýdyp geçdiler.

Magtymguly Pyragynyň birnäçe ajaýyp goşgularyny labyzly çeper okap Magtymguly Pyragynyň öz şygyrlarynda türkmene mahsus adamkärçilik häsiýetleri giňden açyp, ynsan keşbini özboluşly janlandyrýandygyny, şahyr türkmene asylly terbiýäniň mahsusdygyny aýtmak bilen, ýaş nesillerimiziň öz pederleri ýaly mert, ar-namysly, sahabatly, watansöýüji bolmaklaryny isländigi hem-de bu arzuwlaryny öz goşgularynyň üsti bilen beýan edendigini gürrüň berdiler. Şahyryň öwüt-nesihat goşgularynyň ençemesiniň halk içinde nakyllara, paýhasly sözlere öwrülendigini uly buýsanç bilen aýdyp geçdiler.

Çäräniň dowamynda kitaphananyň görnükli ýerinde gurnalan kitap sergisi bilen tanyşdylar we şol ýerde ýerleşdirilen Magtymguly Pyragynyň ajaýyp kitaplarynyň her biri barada giňişleýin maglumat berdiler, giň göwrümli gurnalan kitap sergisi bolsa çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.

Çäräniň ahyrynda türkmen edebiýatymyzy ösdürmekde, dünýä ýaýmak boýunça giň mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagy arzuw etdiler.