“Magtymguly Pyragy – berkararlyk şygary” atly hepdelik göçme sergisi


“Magtymguly Pyragy – berkararlyk şygary” atly hepdelik göçme sergisi



Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi bilen bilelikde ýaňy-ýakynda gözel paýtagtymyzda ýerleşýän Söwda-kooperatiw ýörite orta okuw hünär mekdebinde Magtymguly Pyragynyň şahyrana döredijiligine bagyşlap, “Magtymguly Pyragy – berkararlyk şygary” atly göçme sergisini gurady.

Bu hepdelik serginiň dowamynda talyplar kitaplar bilen suratlaryň sergisine aýlanyp, özlerini gyzyklandyrýan temalar boýunça kitaphana hünärmenleri bilen sowal-jogap alyşdylar. Mundan başga-da kitaphana hünärmeni talyplara beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde Watançylygyň, gahrymançylygyň, edermenligiň, ýokary ahlaklylygyň, ynsanperwerligiň söz sungaty derejesine galdyrylmagynyň türkmen edebiýatynyň ösüşinde millilik taýdan ýokary derejede çeper beýan edilýändigi barada birnäçe şygyrlaryň üsti bilen giňişleýin gürrüň berdi.

“Magtymguly Pyragy – berkararlyk şygary” ady bilen gurnalan hepdelik göçme serginiň dowamynda ýaşlara Magtymguly Pyragynyň döredijiligini çuňňur hem-de giňişleýin öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.