“Türkmen şygryýetiniň bahary” Gurbannazar Ezizowy ýatlap...


“Türkmen şygryýetiniň bahary” Gurbannazar Ezizowy ýatlap...



Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäher häkimliginiň 21-nji ýöriteleşdirilen terbiýeçilik-okuw mekdebinde Türkmen halkynyň söýgüli şahyry Gurbannazar Ezizowy ýatlap, “Türkmen şygryýetiniň bahary” atly söhbetdeşlik geçirdi.

Bu söhbetdeşlikde kitaphana hünärmenimiz ýaş şahyr Gurbannazar Ezizowyň ömri-döredijiligi bilen bir hatarda onuň şygyrlaryna döredilen aýdymlar barada-da giňişleýin gürrüň berdi. Mekdep okuwçylary hem öz gezeginde şahyrymyzyň eserlerinden goşgulary labyzly okap bermek bilen bir hatarda onuň “Iki agaç” hem-de “Türkmen sährasy” atly goşgularyna düzülen aýdymlary aýdyp berdiler. Mundan başga-da bu çärede Gurbannazar Ezizowyň döredijiligine bagyşlanyp taýýarlanylan kiçijik sahna hem görkezildi.

Kitaphanamyz tarapyndan gurnalan “Zehin akabasy” atly göçme kitap sergisi çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda söz ussatlarymyzyň, edebiýatda öçmejek yz goýan şahyrlarymyzyň ömri-döredijiligini ýaş nesle wagyz etmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.