“Zenanlar-durmuşyň bahary-ýazy”


“Zenanlar-durmuşyň bahary-ýazy”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň inžener–tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty bilelikde gurnamagynda “Zenanlar – durmuşyň bahary ýazy” ady bilen Halkara zenanlar güni mynasybetli söhbetdeşlik geçirdi.

Söhbetdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen zenanlaryň jemgyýetde uly ornunyň bardygy, ýurdumyzda köp çagaly maşgalalara döwlet goldawynyň berilýändigi, her ýylda Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda ýurdumyzyň zenanlarynyň birnäçesine halkara zenanlar güni mynasybeti sekiz we ondan köp çagaly enelere “Ene mähri” diýen hormatly atlaryň dakylmagy döwlet sylaglary bilen sylaglanmagy mährem enelere, mährem zenanlara goýulýan sarpanyň örän belentdigini görkezýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Söhbetdeşlgiň dowamynda şahyr zenanlar zenanlarymyzyň bagtyýarlygy, wepadarlygy, ene söýgüsi hakda, mähriban topragymyzyň deňsiz-taýsyz gözelligini wasp edýän şygyrlary bilen çykyş etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.