,, Zeminiň zynaty ene”


,, Zeminiň zynaty ene”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 27-nji çagalar bagynyň mekdebe taýýarlaýyş topary bilen bilelikde gurnamagynda “Zeminiň zynaty ene” ady bilen aýdym-sazly çäre geçirildi.

Zenan güle, bahara deňelýär. Bahar paslynyň ilkinji baýramynyň zenanlaryň güni bolmagynda uly many bar. Gelin-gyzlar ýurdumyzy baky bahara öwürýärler. Zenanlarda ýazyň ýaraşygy, ýakymy, mylaýymlylygy, gözelligi bar. Zenan ýaşaýşyň hem durmuşyň zynaty hasaplanýar. Eneler – mukaddesligiň iň beýik nusgasy. Çärede enelerde gudrat bar, enelerde tükenmeýän mähir bar, enelerde umman ýaly söýgi barlygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda çagalaryň baýramçylyk dabarasyna taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary, goşgulary ene baradaky ajaýyp aýdymlary bilen gyzykly dowam etdi.

Çäräniň ahyrynda okamaga, döretmäge, zähmet çekmäge ähli şertleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza, alkyş sözlerini aýtdylar.