“Gül Watanymyzyň owadan, bagtyýar zenanlary”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasy, Bagtyýarlyk etrap häkimligi bilen bilelikde gurnamagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli “Gül Watanymyzyň owadan, bagtyýar zenanlary” ady bilen göçme sergi gurnaldy we wagyz-nesihat çäre geçirildi.
Wagyz-nesihat çärämizde jemgyýetde zenan mertebesiniň beýikdigi beýan edilýär. Enäniň mähri, söýgisi barada eser ýazmadyk ýazyjy şahyr ýok bolsa gerek, türkmen halkynyň beýik söz ussatlary, dessançylary, nusgawy şahyrlary zenanlar barada nesillere örän baý öwüt-ündewleri, enäniň hem Watanyň bitewiligini ajaýyp goşgy setirlerinden miras galdyrandyklary, enelerimiziň dünýäniň durky, ynsan balasynyň ýüreklerinde hemişelik orun alan beýik ynsandygyny, hut şonuň üçin-de bahar paslynyň owadanlygy gelin-gyzlara deňelýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Halkara zenanlar güni mynasybetli göçme kitap sergisi gurnaldy. Bu sergide Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän eserleri, şeýle-de türkmeniň nusgawy ýazyjy - şahyrlarymyzyň gelin-gyzlarymyzy wasp edýän eserleri we goşgulary ýerleşdirildi.
Çäräniň ahyrynda Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.