“Zeminiň ýaraşygy mährem eneler”


“Zeminiň ýaraşygy mährem eneler”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasy bilen 80-nji orta mekdebiň bilelikde gurnamagynda “Zeminiň ýaraşygy mährem eneler” ady bilen edebi-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzda mähriban gelin-gyzlarymyza hormat-sarpa goýlup, zenan edebine aýratyn söýgi bilen garamak, olary mukaddeslige deňemek ýaly ajaýyp ýörelgeler belent derejelere göterilýär. Zenan mertebesiniň belentde tutulmagy, ýaşlaryň, kümüş saçly enelerimiziň pähim-paýhasa ýugrulan mähriban sözleriniň, görüm-göreldesiniň esasynda terbiýelenmegi asylly, abraýly maşgalanyň kemala gelmeginiň esasyny düzýär. Zenan maşgala ahlak gözelligiň nusgasy, mukaddes ojagyň diregi bolup durýandygy barada gürrüň berdiler.

Çäräniň dowamynda mekdep okuwçylarynyň ene-mamalarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň waspyny aýdym-sazlaryň, goşgularyň üsti bilen beýan etdiler.

Çäräniň ahyrynda türkmen zenanlarynyň bagtyýar durmuşy babatda beýik işleri amala aşyrýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.