“Ýaşlar bilen dowamatdyr bu ýollar”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy, Bagtyýarlyk etrabynyň Medeniýet köşgi bilen bilelikde gurnamagynda “Ýaşlar bilen dowamatdyr bu ýollar” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýäde bagtyýarlygyň, ruhubelentligiň hem-de sagdynlygyň ýurdy hökmünde tanalýan eziz Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýetilen sepgitleriň aňyrsynda gadamlarymyzyň bedew badynyň bardygyny, bu bolsa Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň her bir işde öňde belent maksat goýup zähmet çekmek baradaky düşünjäni ýüregimize guýmagynyň miwesidigini, ýurdumyzyň ösüşleri ýaşlaryň durmuşyna aýratyn öwüşgin çaýýandygy barada gürrüň berdiler. Bagtyýar döwrümiziň ýaşlary bolsa geljekde ýurdumyzy beýgeltjek, türkmen döwletini gülletjek merdana nesillerdigi Gahryman Arkadagymyzyň esaslandyran şähergurluşyk we binagärlik maksatnamasynyň hem adamlaryň rahat durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendigi, biz hem Watanymyza, il-günümize wepaly nesilleri kemala getirmekde özümiziň mynasyp goşandymyzy goşjakdygymyza ynandyrýarys, diýip gürrüňdeşlikde çykyş edenler belläp geçdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda halkymyzyň milli ýörelgesini kemala getiren pederlerimiziň ýörelgelerine we göreldelerine eýerip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni ösüşlerden ösüşlere alyp barýan Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.