“Türkmen topragyna bahra gelipdir”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasy, bilen 47-nji orta mekdebiniň bilelikde gurnamagynda "Türkmen topragyna bahar gelipdir” ady bilen aýdym-sazly çäre geçirdi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Halkara Nowruz güniniň ulydan bellenilýän bu baýramyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilip, köp milletleriň, şol sanda türkmen halkynyň ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, milli däp-dessurlaryny özünde jemleýär. Nowruz galkynyşyň, gülleýşiň we täzelenişiň baýramy bolmak bilen, halklaryň arasynda parahatçylygy, agzybirligi, ynanyşmagy kemala getirmek bilen hoşniýetli goňşuçylyk,özara bähbitli gatnaşyklar, baýramçylygynyň aýratynlygy, onda taýýarlanylýan tagamlar, nowruz bilen baglanyşykly halk döredijiliginde, türkmen edebiýatynyň ägirtleri bolan Magtymgulynyň, Gaýybynyň, Baýram hanyň, Gündogaryň uly alym, şahyry Omar Haýýamyň, Abdyrahman Jamynyň, Abu Reýhan Birunynyň, Abdylkasym Firdöwsiniň, Alişir Nowaýynyň döredijiliginde hem uly orun tutýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň dowamynda howesjeň okuwçylaryň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazlar ýerine ýetirildi.
Çäräniň ahyrynda Milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmäge, däp-dessurlarmyzy dikeltmäge toý-baýramlarmyzy bellemäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.