“Ertekiler dünýäsine syýahat”


“Ertekiler dünýäsine syýahat”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollamurt adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda “Ertekiler dünýäsine syýahat” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde halk döredijiliginiň bir görnüşi bolan ertekileriň ähmiýeti barada, ertekilerde haýwanlaryň keşpleriniň sadalygy, göwrüminiň gysgalygy we suratlar bilen bezelişi çagalar üçin has-da täsirli bolandygy şeýle hem, çagalara ýaş aýratynlyklaryna görä ertekili kitaplary okap bermek, onda bolup geçýän wakalary sada dilde düşündirmek, çaganyň terbiýesinde örän ähmiýetli bolup durýandygy barada belläp geçdiler. Şeýle-de çagalara ertekileriň üsti bilen onuň gahrymanlarynda gören ajaýyp keşplerini öwrenmäge we şolara meňzemek maksady bilen, ýagşy gylyk-häsiýetlerini kämilleşdirmäge çalyşmaklaryny ündeýänlikleri barada gürrüň berdiler.

Çäräniň dowamynda asylly sypatlaryň kämilleşmegine uly täsir eden ertekili kitaplaryň ýaş nesiller üçin bahasyna ýetip bolmajak terbiýeçilik ähmiýetiniň ýokarydygyny belläp geçildiler.

Çäräniň ahyrynda şeýle ajaýyp zamanany peşgeş beren Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.