“Arzuwlan zamanaň geldi Pyragy”


“Arzuwlan zamanaň geldi Pyragy”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Büzmeýin etrap medeniýet öýleriniň bilelikde gurnamagynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli “Arzuwlan zamanaň geldi, Pyragy” ady bilen aýdym-sazly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ylmy esasda öwrenmek we ýaş nesillere wagyz etmek mukaddes ýörelgeleriň biridigini, çünki häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz medeni gymmatlyklary, taryhy, edebiýaty, sungaty, ylym – bilimi ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredýänligi, akyldar şahyryň watansöýüjilik, halalyk, pespällik, adamkärçilik baradaky goşgulary türkmen nusgawy edebiýatynyň genji - hazynasyna öwrülendigi barada belläp geçdiler.

Çäräniň dowamynda Magtymguly Pyragynyň watansöýüjilige, agzybirlige, ruhubelentlige, edermenlige, hallalyga, dost doganlyga çagyrýan şygyrlary, şygyrlaryna döredilen aýdymlar ýaňlandy.

Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.