“Tebigaty döreden sungat”


“Tebigaty döreden sungat”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda “Tebigaty döreden sungat” ady bilen kitap sergisi gurnaldy we gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde Türkmenistan döwletimizde Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň paýhasly we öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde häzirki döwürde milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegine öwrülen bagşyçylyk sungatynyň, türkmeniň milli senedi dutardyr, gyjagyň gazananlaryny dünýä ýaýmak, ony has-da kämilleşdirmek we ýaş nesillerde halk aýdym-sazlaryna söýgi döretmek babatda birnäçe işler durmuşa geçirilýändigi barada buýsanç bilen gürrüň berdiler.Şeýle-de Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň “Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna” girizilmegi, pederlerimizden galan milli gymmatlyklarymyzyň dünýä ýüzünde şöhratlanmagy türkmen halkynyň galkynan ýüregini hasda buysandyrýandygyny giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräniň dowamynda mekdep okuwçylarynyň ýerine ýetirmeginde milli gymmatlygymyz bolan dutar saz guralynda baky bagt, bagtyýarlyk hakda ýaňlanan aýdym-sazlar, şeýle-de kitaphanaçylar tarapyndan gurnalan kitap sergisi, oňa gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.

Çäräniň ahyrynda milli mirasymyzy öwrenmekde, ösdürmekde we dünýä ýaýmakda uly işler alyp barýan Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.