“Akyldaryň arzuwlan zamany geldi”


“Akyldaryň arzuwlan zamany geldi”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry bilen bilelikde “Akyldaryň arzuwlan zamany geldi” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlary türkmen şygryýetiniň hazynasydygy, häzirki wagtda bitewiligini, agzybirligini berkitmekde uly ähmiýete eýe bolup durýandygy, Magtymguly atamyzyň taglymaty ili agzybirlige, jebislige, bir döwlete gulluk etmäge, mertlige, batyrlyga, halallyga çagyrýar. Şeýle-de Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň ösüp gelýän ýaş nesiller üçin terbiýeçilik ähmiýetiniň uludygy barada giňişleýin söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda bizi asuda asmanyň astynda, parahat zeminiň üstünde ýaşamaga, işlemäge döredip berýän uly mümkinçilikleri üçin, Magtymguly Pyragynyň döredijiligine çuňňur sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri aýtdylar.