“Kalplara nur, ömre ylham Pyragy”


“Kalplara nur, ömre ylham Pyragy”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda, Aşgabat şäheriniň gözel künjeginde ýerleşýän “Ylham” seýilgähinde “Kalplara nur, ömre ylham Pyragy” atly göçme sergi gurnaldy we gezelenç geçirildi.

Gezelençde çykyş edenler Türkmen halkynyň şöhratly taryhyny, nusgawy edebiýatyny ylmy esasynda öwrenmek, geljek nesillere miras goýmak asylly ýörelgä öwrülendigi, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şeýle gymmatlyklaryň biri bolan türkmen nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň döredijiligini we edebi mirasyny öwrenmek,wagyz etmek boýunça uly işler durmuşa ornaşdyrylýandygy dogrusynda belläp geçdiler. Şeýle-de Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň taryhynyň iň çylşyrymly döwründe ýaşan, agzybirlik, parahatlyk, özbaşdak döwlet gurmak ýaly beýik maksatlara öz döredijiligi bilen gulluk eden ynsanperwer şahyr bolandygy hem-de akyldar şahyryň şygyrlary her bir adam üçin ylham çeşmesi bolup hyzmat edýänligi, onuň her bir goşgusy umman ýaly giň deňiz ýaly çuň many –mazmun taýdan juda baýlygy barada giňişleýin aýdyp geçdiler.

Gezelenjiň dowamynda oňa gatnaşyjylar gurnalan kitap sergisi bilen tanyşdylar we sergidäki kitaplar barada özara gürrüň etdiler. Soňra seýilgähdäki ýerleşdirilen türkmen halkynyň ruhy gymmatlygyna öwrülip galan şahsyýetlerimiziň heýkellerine aýlanyp gördüler.

Gezelenjiň ahyrynda milli mirasymyzy öwrenmäge onuň gadyr gymmatyny ýitirmän ýaş nesillermize ýetirmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.