“Türkmen edebiýatynyň şamçyragy”


“Türkmen edebiýatynyň şamçyragy”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda ýöriteleşdirlen 84-nji orta mekdebi bilen bilelikde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlap "Türkmen edebiýatynyň şamçyragy” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi.

Söhbetdeşlikde ähli döwürleriň şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligi diňe bir döwrüň keşbini, halkyň durmuşyny, gylyk-häsiýetlerini görkezmän, eýsem, geljekki nesilleriň kalbyna, ruhy dünýäsine egsilmeýän täsir ediji güýç bolup hyzmat edýändigi, ýaş nesli terbiýelemekde, edep öwretmekde, olary halal zähmete ugrukdyrmakda täsiri uludyr. Şeýle-de Magtymguly Pyragynyň döredijilik keşbinde türkmen halkynyň geçen gahrymançylykly ýoly, şahyryň öz halkyna çäksiz buýsanjyny, Watana egsilmez söýgüsini görýäris diýip nygtadylar.

Söhbetdeşligiň dowamynda şahyryň türkmeniň milli ruhundan, däp-dessurlaryndan, türkmençilik ýörelgelerinden ugur alyp, agzybirlikde ýaşamagy ündeýän şygyrlarynyň halkyň aňynda hemişelik ýaşajakdygyny, ynsanperwerlige, halallygy, agzybirligi wagyz edýän eserleri ähli adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdygyny onuň döredijiliginiň öňünde bütün dünýäniň baş egýändigini buýsanç bilen bellediler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýazan goşgularynyň birnäçesini okap berdiler we gurnalan kitap sergisi bilen tanyşdylar. Bu bolsa çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Medeniýetiň we sungatyň hak howandary türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, işleriniň rowaç almagyny arzuw etdiler.