“Magtymguly Pyragy -ynsan kalbynyň öçmejek nury”


“Magtymguly Pyragy -ynsan kalbynyň öçmejek nury”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezledirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollamurt adyndaky kitaphana şahamçasy Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky ýöriteleşdirilen bank mekdebi bilen bilelikde guramagynda “Magtymguly Pyragy -ynsan kalbynyň öçmejek nury” ady bilen göçme sergi gurnaldy we wagyz -nesihat çäre geçirildi.

Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Gakynyşy döwründe milli mirasymyzyň ylmy esasda öwrenilýändigi, türkmen halkynyň edebi mirasynyň genji-hazynasy bolan Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bu günki günde dünýä alymlarynyň ünsüni özüne çekýänligi barada belläp geçdiler. Akyldar şahyryň öwüt-ündewe ýugrulan goşgulary uly gyzyklanma döredýär, sebäbi ýaş nesilleri terbiýelemekde bu goşgularyň örän uly ähmiýetiniň bardygy, Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda süjýi sözli bolmak, ynsan mertebesini belende götermek ýaly asylly sypatlary beýan edilýänligi barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda milli mirasymyzy, edebiýatymyzy ylmy esasda öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.