«Baş kanunymyz-Bagtyýarlygyň kepili»


«Baş kanunymyz-Bagtyýarlygyň kepili»



Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy Aşgabat şäherindäki 29-njy orta mekdep bilen bilelikde «Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany» ýylynda bellenilen meýilnama esasynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlap edebi-sazly söhbetdeşligini geçirdi. Bu söhbetdeşlikde Konstitusiýasymyzyň Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe döwletliligiň, jebisliligiň özboluşly nyşanydygy dogrusynda ösüp gelýän ýaş nesle giňişleýin gürrüň berildi. Şeýle-de çärä gatnaşan myhmanlar Döwlet baýdagynyň taryhy barada gürrüň berdiler. Edebi-sazly söhbetdeşliginde mekdep okuwçylary hem bu baýramçylyga bagyşlap şygyrlary okadylar. M. Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby Gurbannyýaz Nejepowyň ýerine ýetirmeginde ajaýyp aýdymlar ýaňlandy. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlap «Baş kanunymyz-Bagtyýarlygyň kepili» atly gurnalan sergi hem çärä gatnaşanlarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.