“Keşdeçilik sungaty - gadymy miras”


“Keşdeçilik sungaty - gadymy miras”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky medeniýet köşginiň gurnamagynda “Keşdeçilik sungaty - gadymy miras” ady bilen sesli okaýyş geçirildi.

Çärede türkmen özüniň döredijilik güýjüni topragynyň gyzgyn mährinden, tebigatyň gözelliklerinden, ene söýgüsinden, Watan mukaddesliginden alyp gaýdýandygyndan, halk döredijiliginiň islendik görnüşi özünde uly bir taryhyň jemleýänligi, özüniň ýiti zehinini, ruhy gözelligini el işlerine siňdirip bilen türkmen zenanynyň döredijilik ukybyna häzirki wagtda dünýä halklary haýran galýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz “Türkmen medeniýeti” aty kitabynda : “Türkmen zenany-jadyly el sungaty bilen bu günki gün dünýäni özüne aşyk edýändir” diýip belleýär. Gelin-gyzlarymyzyň çäksiz yhlasyndan dörän el keşde-nagyşlar, gaýmalaryň, dürli reňkli hünjüleriň üsti bilen çekilen nagyşlar biziň geçmiş-taryhymyzy öwrenmekde uly ähmiýete eýeligi, şol baýlyklaryň diňe gözelligi däl, jana ýakymlygy, berkligi bilen tapawutlanýanlygy, ene-mamalarymyz öz geýjek lybaslarynyň matalaryny öz elleri bilen dokanlygy, tebigatyň ýyly mährini özünde jemleýän matalaryň ýüpek sapaklar arkaly bezelmegi bolsa geýinmegiň ýokary medeniýetini, salyhatlygy, päkligi aňladýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri rowaçlyklara beslenmegini, arzuw etdiler.