“Saglyk–ynsanyň baýlygy”


“Saglyk–ynsanyň baýlygy”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasy, Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebiniň bilelikde gurnamagynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli “Saglyk-ynsanyň baýlygy” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler döwletimiziň baş baýlygy bolan halkymyzyň saglygy, nesillerimiziň bagtyýar, asuda ýaşaýşy hakyndaky aladalar örän jogapkärli wezipeler bolup, häzirki zaman dünýäsiniň talaplaryna laýyklykda, köpçülikleýin bedenterbiýäni, olimpiýa hereketini, sport medeniýetini ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýändigi barada belläp geçdiler. Sport güýç-gaýratyň, gözelligiň, sagdynlygyň, ruhubelentligiň aýdyň beýany bolmak bilen, berk bedenli we ruhubelent ýaş nesilleri Watanymyzyň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýän, parahatçylygyň we sagdynlygyň aýrylmaz bölegi bolan halkara sport we ekologiýa hereketiniň ýörelgelerine ygrarlydygyny, seçip alan döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýan mähriban halkymyzyň bitewiligini we jebisligini ýene-de bir gezek aýdyňlyk bilen görkezdi diýip gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda halkymyzyň saglygy hakynda yzygiderli alada edýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, belent başynyň aman bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.