“Sagdyn durmuş-bagtly ýaşaýyş”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 6-njy orta mekdebiň bilelikde gurnamagynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli “Sagdyn durmuş-bagtly ýaşaýyş” ady bilen bäsleşik geçirildi.
Çärede Arkadag Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda adamyň jan saglygy hakyndaky alada, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülendigini, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegi, halkymyzyň, ilkinji nobatda bolsa, ýaşlaryň köpçülikleýin bedenterbiýe we sport hereketlerine çekilmegi babatda zerur çäreler durmuşa geçirilýändigini, sportyň dürli görnüşleriniň ýaşlaryň arasynda wagyz edilýändigini buýsanç bilen bellediler.
Şeýle-de mekdep okuwçylarynyň arasynda ýaş aýratynlygyna göra birnäçe toparlara bölünip sport bäsleşigi geçirildi. Şeýle ýatdan çykmajak pursatlar, bagtdan paýly ýaş nesilleriň arasynda gujurly çagalary ýüze çykarmakda uly ähmiýete eýe bolup durýar.
Çäräniň ahyrynda ýaş nesillerimiz üçin uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.