“Sagdyn ýaşlar Watanymyzyň geljegi”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Gypjak medeniýet öýüniň bilelikde gurnamagynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli “Sagdyn ýaşlar Watanymyzyň geljegi” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede ýurdumyzda Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ynsan saglygyna, bedenterbiýe we sporta aýratyn ähmiýet berilýän hem-de jemgyýetimiziň sagdynlygyny, agzybirligini, jebisligini, özünde jemleýän eziz Diýarymyzda döwlet derejesinde Bütindünýä saglyk gününiň giňden bellenilýändigi, ynsanperwer ýörelgeleri ähli zatdan belentde goýýan sport ýurdy hökmünde yglan edilen eziz diýarymyzda adamyň jan saglygy hakyndaky alada hem döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülendigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda eziz Watanymyzda, halkymyzyň saglygy ugrunda uly işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, il-ýurt bähbitli işleriniň, hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.