“Sagdyn ýaşaýyş-ömürlere ýaraşyk”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasy, 5-nji saglyk öýi bilen bilelikde gurnamagynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli “Sagdyn ýaşaýyş-ömürlere ýaraşyk” ady bilen sergi, duşuşyk geçirildi.
Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Watanymyzda raýatlarymyzyň saglygyny gorap saklamak esasy wezipeleriň biri bolup durýandygy, berk bedenli sagdyn nesilleriň kemala gelmegi ugrunda bimöçber aladalar edilýänligi, ynsan saglygy bahasyna ýetip bolmaýan baýlyk bolup, bu baýlygy aýap saklamak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berk berjaý etmekligiň zerurdygyny belläp, pasylyň çalyşýan döwründe her bir ynsanyň jan saglygyny gorap saklamaga uly üns berilýändigi, barada, giňişleýin gürrüň berdiler.
Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitaplarynda beýan edilen gözel tebigatymyzda ösýän birnäçe melhem otlarynyň hem ynsan saglygyna uly täsiriniň bardygy dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda türkmen halkyny eşretli durmuşda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.