Pulhatyn köprüsi


Pulhatyn köprüsi



Alym M. Kösäýew şahyr Alyşir Nowaýynyň „Horasanda köp sanly medrese, kerwensaraý, köpri, metjit, okalga, hassahana we ş.m jaýlaryň 370-sini gurmaga buýruk berendigini“ ýazýar. Pulhatyn köprüsi Soltan Hüseýin Baýgaranyň Hyratda oturyp, Horasany dolandyran döwründe gurulypdyr.

1889–njy ýylda rus patyşalygy zamanasynda köprüde düýpli rejeleýiş işleri geçirilip, köprüniň 5 – sany uly gözleri suw akar ýaly goýlup, onuň ähli ýeri ýonulan daş bilen örtülipdir. „Pulhatyn“ sözüniň ýene-de bir düşündirilişi bar. Belli dilçi S. Atanyýazow ony „Daş köpri“ diýip düşündirýär. Bu bolsa pars dilinden terjime edilende „Pul“ köpri, „gatyn“ sözi bolsa daşdan diýmegi aňladýar.

Pulhatyn köprüsi orta asyrlarda Merw – Nişapur Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda Türkmenistandan Eýrana geçilýän ýeke-täk geçelge hökmünde kerwenlere hyzmat edipdir.

Häzirki wagtda bu ajaýyp köpriniň uzynlygy 60 metr, ini 3 metr, beýikligi 10 metr. Köpri derýanyň iň çalt akýan ýerinde bina edilipdir. 1976–njy ýylda Tejen derýasynyň iň bir joşan wagtynda bu köpri sekuntda 1600 kubmetr suwy geçirmäge ukyplydygyny görkezdi.