“Sagdyn nesil-bagtyýar geljek”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda “Sagdyn nesil-bagtyýar geljek” ady bilen lukman bilen duşuşyk geçirildi.
Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimiziň iň gymmatly baýlygy saýylýan ynsan saglygynyň, berk bedenliligiň, gujur-gaýratyň gözbaşy bolan sport we saglygy goraýyş ulgamlarynda uly öňegidişliklere eýe bolunýanlygy hem-de köpçülikleýin bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak ilatyň saglygyny berkitmegiň we sagdyn durmuşda uzak ýaşamagyny üpjün etmegiň, kämil şahsyýeti terbiýeläp ýetişdirmek barada uly tagallalar edilýänligi barada belläp geçdiler. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän eserleriniň aglabasynda jemgyýetiň esasy baýlygy sagdyn durmuş ýörelgesine we onuň durmuşymyza ornaşdyrylyşyna aýratyn ähmiýet berilýänligi hem-de Hormatly Prezidentimiziň saglyk we sport ulgamyna uly üns bermegi we şol babatda uly tagallalaryň alnyp barylmagy barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.