“Magtymguly köňülleriň şahyry”


“Magtymguly köňülleriň şahyry”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň bilelikde gurnamagynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli “Magtymguly köňülleriň şahyry” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen halkymyzyň baý medeni we edebi mirasyny öwrenmekde, ony baýlaşdyrmakda, şu günki we geljekki nesillere ýetirmekde uly işler amala aşyrylýar. Türkmen halkynyň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem gymmatly dünýewi garaýyşlaryny, şygyrlaryndaky pelsepe älemini ylmy esasda öwrenmek babatda giň gerimli işleriň alnyp barylýandygy barada söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Magtymguly Pyragynyň hormat sarpasyny has-da belende götermek ugrunda alyp barýan giň gerimli işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan döwletli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.