“Sagdyn durmuş ýörelgesi”


“Sagdyn durmuş ýörelgesi”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäheriniň Sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebiniň bilelikde gurnamagynda “Sagdyn durmuş ýörelgesi” atly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlara berilýän edep-terbiýede türkmen milli oýunlarynyň aýratyn ornunyň bardygyny, şeýle hem milli oýunlaryň saglyga ýetirýän täsiri barada, Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallalary netijesinde beýleki ulgamlar bilen bir hatarda saglygy goraýyş ulgamynyň hem dünýä bilen aýakdaş gadam urýanlygy we Garaşsyzlygymyzy gazanan sanlyja ýyllarymyzyň içinde saglyk syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek babatda uly sepgitlere ýetilýändigi, şeýle-de ýurdumyzyň dürli künjeginde sport desgalaryň, sport mekdepleriň, stadionlaryň, hassahanalaryň saglyk merkezleriniň gurulyp ulanmaga berilmegi we olaryň dünýäniň ösen, kämil tehnalogiýalary bilen üpjün edilýändigi barada giňişleýin gürrüň etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda gözel Diýarymyzy sagdynlygyň, ruhybelentligiň we bagtyýarlygyň mekanyna öwürýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.