“Pederleriň ýoly ýaşlara nusga”


“Pederleriň ýoly ýaşlara nusga”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli “Pederleriň ýoly ýaşlara nusga” ady bilen wagyz- nesihat çäresi geçirildi.

Çärede akyldar şahyryň döredijiligi ynsan kalbynda uly orun alýandygy çünki çuňňur manyly pikirler durmuş pelsepesini inçelik bilen beýan edilýändigi, esasan hem şahyryň öwüt-ündew goşgulary şeýle pikirleriň özenini düzýär. Şonuň üçin hem bu öwüt-ündewler ýaşlaryň ýagşy gylykly, watansöýüji, il-güne wepaly bolup ýetişmeklerinde aýratyn ähmiýete eýedigini, akyl-paýhasa eýlenen öwüt-nesihatlar ýaşlar üçin kämil mekdep bolup durýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda edebi mirasymyzy ylmy esasda öwrenmäge we wagyz etmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.