“Bagtyýarlygyň ýurdy”


“Bagtyýarlygyň ýurdy”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda “Bagtyýarlygyň ýurdy” ady bilen “Arkadag” seýilgähinde söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda” Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Diýarymyzyň günsaýyn ösýändigi we ösüp gelýän ýaş nesliň gujur-gaýratyna, yhlasyna, başarnygyna uly ynam bildirýändigi, ýurdumyzda ýaşlaryň ylmyna, bilimine, giň dünýägaraýşyna, watansöýüjiligine, döredijilikli zähmetine uly sarpa goýulýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Gahryman Arkadagymyzyň eserleri hem ýaşlara uly gollanma bolup durýandygyny, bu kitaplarda watana, ene topraga, ata-eneňe, dost-ýaryňa wepaly bolmak, halal zähmet çekmek baradaky ajaýyp jümleleri ýaşlar üçin uly terbiýe mekdebi bolup durýandygy barada gürrüň berdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar.