«Kanunym, Baýdagym-goşa buýsanjym»


«Kanunym, Baýdagym-goşa buýsanjym»



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasynyň, Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasy bilen bilelikde gurnamagynda, K.Şamyradow adyndaky seýilgähde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününine bagyşlap «Kanunym, Baýdagym-goşa buýsanjym» atly baýramçylyk dabarasyny geçirdi. Çärede kitaphanaçylar Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň, ýagny goşa mukadeslik barada giňişleýin söhbet etdiler. Çäräniň dowamynda okyjylar bilen gurnalan kitap sergisiniň üsti bilen söhbetdeşlik dowam edildi. Olar Arkadagly döwrümiziň gadyr gymmaty, Watan mukaddesligi barada söz açyp, Hormatly Prezidentimiziň adyna hoşallyk sözlerini aýtdylar.