“Solmaz söz bagynda gülüň Pyragy” atly edebi-sazly çäresi geçirildi


“Solmaz söz bagynda gülüň Pyragy” atly edebi-sazly çäresi geçirildi



Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäherinde ýerleşýän 13-nji orta mekdebinde Magtymguly Pyraga bagyşlap “Solmaz söz bagynda gülüň Pyragy” atly edebi-sazly çäresini geçirdi.

Bu çärede kitaphana hünärmenlerimiz Magtymguly Pyragynyň döredijilginde peýdalanan halk döredijiligi we onuň şygyrlaryndaky setirleriň nakyllara öwrülip giden görnüşleri barada giňişleýin gürrüň berdiler. Mekdep okuwçylary hem öz gezeginde şahyrymyzyň goşgularyny labyzly aýdyp bermek bilen bir hatarda onuň şygyrlaryna düzülen aýdymlary aýdyp berdiler. Mundan başga-da Magtymguly Pyragynyň döredijiliginden sowal-jogap alyşdylar. Kitaphanamyz tarapyndan gurnalan “Magtymguly Pyragy-şirin dilli ussadym” atly göçme kitap sergisi çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.

Edebi-sazly çäräniň ahyrynda nusgawy edebiýatda öçmejek yz goýan şahyrlarymyzyň ömri-döredijiligini ýaş nesle wagyz etmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.