“Kanunym hem Baýdagym asudalygym hem baýlygym”


“Kanunym hem Baýdagym asudalygym hem baýlygym”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasy bilen 141-nji orta mekdebiň bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli “Kanunym hem Baýdagym, asudalygym hem baýlygym” atly aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzda türkmen halkynyň agzybirligini we ýurdumyzyň berkararlygyny alamatlandyrýan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni türkmen halkynyň jebisligini, bitewiligini, berkidýär. Halkymyzyň ynsanperwerlik, adalatlylyk, agzybirlik ýörelgelerini özüne siňdiren Türkmenistanyň Konstitusýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň bir günde bellenilmegi iki mukaddeslige goýulýan hormatdan nyşandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräniň dowamynda mekdep okuwçylarynyň Watanymyzy, Döwlet baýdagymyzy wasp edýän birnäçe goşgulary we aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler.

Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.