“Baýdagym-buýsanjym, Kanunym bagtym”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 76-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiň bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli “Baýdagym-buýsanjym, Kanunym bagtym” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzyň her bir güni, her bir sagady ýokary ösüşlere beslenýän ajaýyp eýýamymyzda halkymyzyň tutýan her bir toýy belent buýsanjymyzyň beýany, gazanýan üstünliklerimiziň miwesi bolup ýaýylýar. Ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni baýram edip bellenilmegi hem munuň aýdyň güwänamasy bolup, türkmeniň ýaşyl ýazlary kimin owadan Tugy başymyzyň täjine deňeýän mukaddes Watanymyzyň özygtyýarlylygynyň, halkymyzyň belent buýsanjynyň beýanydygy hakynda giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň dowamynda ýaşyl tugumyzyň reňkiniň hemişe ýaşyl öwsüp duran tebigatymyzdan alynmagy halkymyzyň ruhy dünýäsine ýakyn saýyp gelendiklerini, bu reňk bir tarapdan ýaşaýşyň, abadançylygyň we ösüşiň şekili bolsa, ikinji tarapdan aslymyzdan neslimize dowamatyň aňladylmasydygyny, ata-babalarymyzyň belent ruhy dünýäsinden gözbaş alýandygy barada öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.
Çäräniň ahyrynda ýurdumyzyň ösüşi, özgerişi, halkymyzyň hal ýagdaýynyň ýokarlanmagy üçin beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.