“Merjen şäher Aşgabat” atly söhbetdeşlik


“Merjen şäher Aşgabat” atly söhbetdeşlik



Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 85-nji orta mekdebiniň okuwçylary bilen “Ýaşlyk” teleradioýaýlymynyň “Zehinli çagalar” atly gepleşiginiň Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli “Merjen şäher Aşgabat” atly baýramçylyk sanyny geçirdi.

Bäsleşigiň dowamynda kitaphanamyzyň hünärmeni ýaşajyk okyjylarymyz bilen gözel paýtagtymyzyň taryhy, şu günki gözel keşbi barada täsirli gürrüňler etdiler.

Şeýle-de Aşgabat şäheriniň ajaýyp binalary, ýollary, suw çüwdürimleri, seýilgähleri, dynç alyş merkezleri bilen baglanyşykly bilesigeliji okuwçylar bilen sowal-jogap alyşdylar. Seýle hem ýaşajyk okyjylarmyz bilen paýtagtymyzyň gözel ýerlerine gezelenç guraldy.

Baýramçylyk mynasybetli taýýarlanan gepleşigiň ahyrynda halkymyzyň asuda, parahat, bolelin durmuşda ýaşamagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.